Gyzylaýak galasynda gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän Gyzylaýak taryhy-medeni ýadygärliginde alnyp barylan arheologik gözleglerde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän maglumatlara görä, gözlegçiler bu ýerden mis käse, syrçaly şemdan, keramikadan ýasalan gaplaryň galyndylaryny hem-de kiçijik at heýkeljigini tapdylar.
Bu barlaglar biziň eýýamymyzyň I–IV asyrlarynda Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşap geçen ilatyň durmuşyny öwrenmek we Parfiýa imperiýasynyň sebitiň medeniýetine ýetiren täsirini kesgitlemek maksady bilen geçirildi.
Gyzylaýak galasy öz döwründen galan iň gowy saklanan gadymy gurluşlaryň biri bolup, ol biziň günlerimize çenli uly depe görnüşinde saklanyp galypdyr.
Taryhçylaryň çaklamalaryna görä, gala Parfiýa imperiýasy döwründe Amyderýanyň boýy bilen geçýän kerwen ýollaryny gözegçilikde saklamak üçin bina edilipdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!