| Ashgabat | 26°C
Dünýaden 17.10.2026, 13:04 1

Keniýada Ebola ýokanjy ikinji adama geçdi

Keniýada Ebola ýokanjy ikinji adama geçdi

Keniýada Ebolanyň ikinji gezek ýüze çykandygy resmi taýdan tassyklandy. Ýokanç kesellän 39 ýaşly raýat bu dertden ilkinji bolup göz ýuman adamyň ýakyn garyndaşydyr.

Ýurdun Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, hassanyň gyzgyny ýokarlanyp, bogunlarynda agyry we gowşaklyk dörän badyna ol derrew beýleki adamlardan üzňeleşdirildi hem-de barlaglaryň netijesinde oňa Ebolanyň geçendigi belli boldy.

Ýurdun häkimiýetleri bu kesel boýunça köpçülikleýin ýaýrama howpunyň entek ýokdugyny bildirýärler. Saglygy goraýyş hünärmenleri näsag bilen galtaşykda bolan 128 adamyň 113-siniň nirede ýerleşýändigini eýýäm anykladylar.

Ýatlap geçsek, Keniýada bu keselden ilkinji bolup ýogalan adam Ebolany Kongo Demokratik Respublikasynda ýokuzdyryp, Uganda arkaly Naýroba gelipdi we oktýabr aýynyň başynda emhanada aradan çykypdy.

Şol bir wagtyň özünde, Kongo Demokratik Respublikasynda epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Şol ýurtda 9 200-den gowrak adam bu ýokanja uçrap, olaryň 4 400-den gowragy hayatyny ýitirdi. Keseliň iň köp ýaýran çägi bolsa Ituri welaýatydyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy uzak künjeklerde hassalar bilen aragatnaşykda bolan adamlary tapmagyň has-da kynlaşýandygyny duýdurýar.

Häzirki ýaýraýan dert Ebolanyň Bundibugýo diýlip bilinýän görnüşidir. Bu ştama garşy entek ýörite taýýarlanan we tassyklanan derman serişdesi ýa-da sanjym ýokdur.

Ulanyşda bolan «Ervebo» waksinasynyň bolsa bu görnüşe garşy nähili derejede täsir edýändigi heniz doly tassyklanmady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!