Kaspi deňzinde täze ada peýda boldy
Kaspi deňziniň demirgazygynda, Gazagystanyň Kulali adasynyň ýakynynda täze ada peýda boldy. Alymlar muny deňizde suwuň derejesiniň peselmegini dowam etdirýändigini görkezýän alada goýujy hadysa hökmünde baha berdiler.
Täze gury ýer meýdany ýakynda geçirilen aerofotosurata düşürmek işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy. Suw derejesiniň peselmegi netijesinde deňiz düýbüniň käbir bölekleri açylyp, täze adalar we gury ýerler peýda bolýar. Ekolog Daniýar Akimžanowyň sözlerine görä, Kulali adasynyň ýakynynda beýle ýagdaý ilkinji gezek bolýar. Soňky dört-bäş ýylyň içinde bu çäkde birnäçe täze ada peýda boldy.
Olaryň käbiriniň uzynlygy dörtden bir kilometre, ini bolsa 200–300 metre ýetýär. Käbir ýerlerde ösümlikler ösüpdir. Emma hünärmenler täze adalaryň ählisiniň saklanyp galmajakdygyny nygtaýarlar. Olaryň geljekdäki ýagdaýy tolkunlara, şemala, deňiz düýbüniň relýefine we Kaspi deňziniň derejesiniň üýtgemegine baglydyr. Käbir çäkler giňelip, materik bilen birleşip ýa-da ýene-de suw astynda galyp biler.
Kaspi deňzinde suw derejesiniň peselmegi, esasan hem onuň ýalpak demirgazyk we demirgazyk-gündogar böleklerinde, şol sanda Gazagystanyň kenarlarynda aýdyň görünýär. Kaspi deňzi ylmy-barlag institutynyň maglumatlaryna görä, 1996-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli bu çäkde suw derejesi 2,45 metr peselipdir.
2026-njy ýylyň iýul aýynda Kulali adasyndaky gözegçilik stansiýasynda suw derejesiniň ortaça görkezijisi deňiz derejesinden 29,42 metr aşakda bolupdyr. Bu gözegçilikleriň dowamynda bellenen iň pes görkezijidir.
Soňky hemralar arkaly geçirilen barlaglara görä, 2016–2025-nji ýyllar aralygynda Kaspi deňziniň demirgazyk-gündogar tarapyndaky käbir meýdanlarda Gazagystanyň kenar çyzygy 20 kilometrden gowrak yza çekilipdir. Alymlar Kaspi deňzinde suw derejesiniň peselmegini klimatyň üýtgemegi we adamlaryň edýän täsiri bilen baglanyşdyrýarlar.
Suw derejesiniň peselmegi diňe bir deňziň geografik görnüşine däl, eýsem onuň ekoulgamyna hem täsir edýär.
Barlagçylar Kaspi deňzinde suw derejesiniň 5–10 metr peselmeginiň möhüm ekosistemalaryň işini düýpli bozup biljekdigini, şeýle hem bahasy milliardlarça dollara deň bolan raýat we senagat infrastrukturasyna howp salyp biljekdigini duýdurýarlar.
Alymlar Kaspi deňziniň Aral deňzi ýaly bütinleý ýitip gitmegine garaşmaýarlar, sebäbi onuň merkezi we günorta bölekleri çuňdur. Emma onuň ýalpak demirgazyk böleginde suw derejesiniň peselmeginiň uly meýdanlaryň gury ýere öwrülmegine getirip biljekdigi aradan aýrylmaýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!