| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 16.10.2026, 12:39 3

Hindistanda deňiz suwuny süýjedýän we şol bir wagtda elektrik energiýasyny öndürýän täze desga guruldy

Hindistanda deňiz suwuny süýjedýän we şol bir wagtda elektrik energiýasyny öndürýän täze desga guruldy

«ZME Science» neşiriniň habar bermegine görä, täze enjam umman suwunyň üstki we çuň gatlaklarynyň arasyndaky temperatura tapawudyndan netijeli peýdalanýar.

Enjam bir gije-gündiziň dowamynda 65 kWt-a çenli elektrik energiýasyny we takmynan 100 müň litr agyz suwuny öndürmäge ukyplydyr.

Materikden uzakda ýerleşýän Kawaratti adasy ýaly çetki sebitleri arassa suw we durnukly energiýa bilen üpjün etmekde bu tehnologiýanyň uly amaly ähmiýeti bar.

Ummanyň ýylylyk energiýasyny özgertmek (OTEC) ýörelgesi suwuň üstki gatlagyndaky ýylylyk bilen çuňlukdaky sowuklygyň arasyndaky temperatura tapawudyna daýanýar.

Kawarattide üstki suwuň temperaturasy takmynan 29°C bolsa, 1 kilometr çuňlukda ol 7°C-ä çenli peselýär.

Klassik OTEC ulgamlary ammiak ýaly tiz gaýnaýan suwuklyklary ulanýan bolsa, hindi hünärmenleriniň döreden täze enjamy basyşy peseltmek arkaly gönüden-göni deňiz suwuny bugartmaga mümkinçilik berýär.

Emele gelen bug turbinany herekete getirip, elektrik energiýasyny öndürýär. Soňra ol çuňlukdan alynýan sowuk suwuň kömegi bilen kondensirlenip, arassa süýji suwa öwrülýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!