«C5+1» formatynda sanly innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-niň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly innowasiýalaryň ösüşi we olaryň ykdysady ösüşdäki orny bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar öňdebaryjy tehnologiýalaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we emeli aňy ösdürmek boýunça esasy ugurlar we ileri tutulýan wezipeler, şeýle hem bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Bu maslahata Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Gülmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Maslahatyň çäklerinde sanly innowasiýalary we emeli aňy ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça gün tertibine girizilen temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy dowam etdiriler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!