Gadymy Kibira şäherinde arheologlar täsin pal daşyny tapdylar
Arheologlar Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän antik Kibira şäherinde b.e. II–III asyrlaryna degişli bolan, bije we pal atmak üçin ulanylan seýrek daş ýadygärligini ýüze çykardylar.
Hek daşyndan ýasalan we beýikligi 1,24 metre ýetýän bu ýadygärlik 2024-nji ýylda şäheriň agorasynda — merkezi meýdançasynyň üçünji eýwanynda geçirilen gözlegleriň dowamynda tapyldy. Onuň ýüzünde gadymy grek dilinde galdyrylan 56 sany pal ýazgysy bar.
Şol döwrüň adamlary saglyk, baýlyk, söwda we uzak ýola gitmek baradaky sowallaryna jogap tapmak üçin haýwanlaryň aşyk süňklerinden peýdalanypdyrlar. Goýun, geçi hem-de göle süňklerinden taýýarlanan bäş sany aşyk atylypdyr.
Her aşygyň dört tarapy bolup, olar 1, 3, 4 we 6 sanlaryny aňladypdyr. Bäş aşyk bilelikde atylandan soň, çykan sanlaryň jemleýji kombinasiýasy daşda ýazylan 56 jogabyň degişli biri bilen deňeşdirilipdir.
Daşdaky ýazgylaryň köpüsi antik döwrüň «geksametr» diýlip atlandyrylýan goşgy ölçeginde düzülipdir. Ýazgylaryň arasynda syrkawyň sagalmagyny we abadançylygy habar berýän, şeýle hem ýolda şowsuzlyga uçramak ýa-da söwdada zyýan çekmek ähtimallygy barada duýdurýan tekstler hem bar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!