| Ashgabat | 28°C
Gyzykly maglumat 16.10.2026, 14:38 1

Mona Lizanyň syrly ýylgyryşynyň aýratynlygy nämede?!

Mona Lizanyň syrly ýylgyryşynyň aýratynlygy nämede?!

Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» eseri dünýä şekillendiriş sungatynyň iň täsin we meşhur nusgalarynyň biridir. Bu eseriň adamlary özüne çekmeginiň baş sebäpleriniň biri bolsa gelin-gyzyň ýüzündäki syrly ýylgyryşdyr.

Portrete seredeniňde, ýylgyryş bir seretseň aýdyň görünýär, başga bir burçdan seredeniňde bolsa ýitip gidýän ýaly täsir galdyrýar.

Bu täsinligiň arkasynda suratkeşiň ulanan ýörite «sfumato» tehnikasy ýatyr. Ussat suratkeş reňkler bilen kölegeleriň arasyndaky serhetleri şeýle bir ýumşadypdyr welin, seredýän adamyň burçuna we nazaryna görä ýüzüň aňlatmasy üýtgeýän ýaly görünýär.

Edil şu syrly hem täsin ýylgyryş «Mona Lizany» birnäçe asyr bäri adamzat kalbyny özüne çekýän beýik sungat eserleriniň birine öwürdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!