Balkanabatda we Maryda lukmançylyk desgalary açyldy
Balkanabat şäherinde 305 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi işe girizildi. 4 we 5 gatly täze binalar toplumy dogluş, ginekologiýa, täze doglan bäbekler hem-de reanimasiýa bölümlerini özünde jemleýär.
Mary şäherinde bolsa 1-nji Saglyk öýi ulanmaga berildi. Täze desganyň düzüminde maslahat beriş-anyklaýyş, barlaghana, fizioterapiýa we gündizki bejeriş ýaly bölümler hereket edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!