Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy boldy
Hazar deňziniň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň VIII Konsultatiw duşuşygy öz işine başlady.
Bu formatdaky duşuşyk ilkinji gezek geçirilip, ol hem Türkmenistanyň paýyna düşdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.
Forumda döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!