Hytaýyň Altaý daglarynda müňýyllyk gaýa ýazgylarynyň syry açyldy
Alymlar Hytaýyň günorta-günbataryndaky Altaý ülkesinde ýerleşýän gadymy gaýa suratlaryny öwrenmek üçin döwrebap hyperspektral skanirleme usulyny ulandylar.
Bu barlaglaryň netijesinde wagtyň geçmegi bilen solup, göze görünmez ýagdaýa gelen suratlar täzeden dikeldildi we sebitiň köpasyrlyk taryhy barada täze maglumatlar ýüze çykaryldy.
Gözleg işleri Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki gadymy türki dilinde «tagmaly daş» diýmekligi aňladýan Taňbalytasy ýadygärliginde geçirildi.
Iki sany gowakdan ybarat bolan bu mekanyň birinjisinde 19 sany şekil surata düşürilen bolsa, ikinji gowakda şahly adamlar we haýwanlar şekillendirilen 51 kompozisiýa tapyldy.
Ýokary duýgurlykdaky skanirleme arkaly ozal saýgarmak mümkin bolmadyk ýene iki sany solgun surat hem ýüze çykaryldy.
Gowaklardaky iň gadymy çyzgylar b.e. öňki III müňýyllyga — Çemurçek medeniýetine degişli bolup, beýleki suratlaryň aglabasy bürünç eýýamyna degişlidir.
Barlagçylaryň aýratyn ünsüni çeken şekil bolsa kellesinden şöhle saçýan, sakgally we üç gözli adam şekili boldy. Merkezi Aziýada hem-de Günorta Sibirde meňzeşleri köp duşýan bu görnüşler şamanlyk dessurlary bilen baglanyşdyrylýar.
Şeýle hem gaýalardaky şahly adamlaryň köpçülikleýin tans edýän sahnalary şol döwürde dini çäreleriň giňden ýaýrandygyny görkezýär.
Taryhy maglumatlara görä, bu gowaklar soňrak Ýuan imperiýasynyň dolandyran ýyllarynda (1271–1368) tibet buddizmini berjaý edýän adamlar tarapyndan hem mukaddes mekan hökmünde ulanylypdyr.
Muňa gowaklardaky tibet dilindäki ýazgylar we dini nyşanlar şaýatlyk edýär.
Gaýa suratlarynyň üst-üstüne düşýän köp gatlakly gurluşy dürli eýýamlarda ýaşan halklaryň bu ýeri keramatly saýyp, öz medeni we dini yzlaryny galdyrandygyny görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!