Ýadawlygyňyz aýrylanokmy? Onda bu habar Siz üçin!
Energiýa we saglyk çeşmeleriniň biri hem erik kakydyr. Ol bedeniň immun ulgamyny goldamaga we günüň dowamynda energiýa üpjünçiligine ýardam edip biler.
Her gün 4–5 sany erik kakyny iýmek bedeni käbir zerur witaminler we peýdaly maddalar bilen üpjün etmäge kömek edip biler.
Şeýle-de erik kaky ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine, gan basyşyny kadaly derejede saklamaga hem-de ýürek myşsasynyň işini goldamaga ýardam edip biler.
Ol ganyň emele gelmegine ýardam edýän maddalary özünde saklaýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrmaga kömek edip biler, şeýle hem saç we dyrnaklaryň sagdyn görünmegini goldap biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!