Alymlar dinozawryň täze görnüşini tapdylar
Paleontologlar, takmynan, 120 million ýyl ozal ýaşan ownuk dinozawrlaryň täze görnüşini ýüze çykardylar. Oňa Norellraptor barsboldi diýip at goýdular.
Dinozawra 2025-nji ýylda aradan çykan amerikan paleontology Mark Allen Norelliň we onuň mongol kärdeşi Rinçengiin Barsboldyň hormatyna şeýle at berildi.
Uzynlygy, takmynan, 57 santimetr bolan, örän gowy ýagdaýda saklanan süňk galyndysy 2023-nji ýylda Hytaýda tapylypdy. Alymlaryň çaklamagyna görä, ol ýaňy üç ýaşan, ululyk döwrüne golaýlan dinozawra degişli bolmaly.
Norellraptor barsboldi teropodlar toparyna degişli dromeozawridleriň mikroptorina atly kiçi maşgalasyna girýär. Bu ownuk, ýelekli dinozawrlar öň we art aýaklarynda uçuş ýelekleriniň bolmagy bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin olar dört «ganatly» hasaplanylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!