| Ashgabat | 22°C
Bilim 05.10.2026, 12:52 4

Türkmenistanly talyplar güýzki internet olimpiadalaryna çagyrylýar

Türkmenistanly talyplar güýzki internet olimpiadalaryna çagyrylýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Türkmen oba hojalyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet-olimpiadalary guraýar.

Topragy öwreniş boýunça III internet-olimpiadasy 26-njy oktýabrda sagat 15:00-da geçiriler. Olimpiada 3–5-nji ýyl talyplar çagyrylýar.

Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet-olimpiadasy 28-nji oktýabrda sagat 15:00-da geçiriler. Oňa 2–4-nji ýyl talyplar gatnaşyp bilerler.

Nazary mehanika boýunça VI internet-olimpiadasy 30-njy oktýabrda sagat 14:00-da geçiriler. Oňa 1–3-nji ýyl talyplar gatnaşyp bilerler.

Internet-olimpiadalaryň hersine bir ýokary okuw mekdebinden bäş talypdan köp bolmadyk topar gatnaşyp biler.

Olimpiada gatnaşjak toparlar hem-de onuň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlar 22-nji oktýabra çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron poçtasyna ugradylmalydyr.

Has giňişleýin maglumatlar üçin aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

Topragy öwreniş boýunça III internet-olimpiadasy: +993 65 894549, +993 65 276237.

Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet-olimpiadasy: +993 61 978564, +993 63 775659.

Nazary mehanika boýunça VI internet-olimpiadasy: +993 63 887557, +993 65 931638.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!