| Ashgabat | 25°C
Bilim 13.10.2026, 12:42 1

Türkmen mekdep okuwçylary Inçhonda geçirilen robot tehnikasy çempionatynda iki medal gazandylar

Türkmen mekdep okuwçylary Inçhonda geçirilen robot tehnikasy çempionatynda iki medal gazandylar

Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde robot tehnikasy boýunça geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» halkara çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy.

Dünýäniň 185 ýurdundan gelen toparlaryň arasynda bäsleşen türkmen ýaşlary ýaryşy iki medal bilen tamamlamagy başardylar. Milli ýygyndymyz «Skills Challenge» ugry boýunça kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça bolsa bürünç medala eýe boldy.

Topar umumylykda 295 bal toplap, halkara bäsleşigiň ýarym finalyna çenli çykmagy başardy.

Milli toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp okatmaga ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylary — Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew dagy çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

Toparyň tälimçisi Myrat Sähetgulyýewiň bellemegine görä, 7–10-njy oktýabr aralygynda geçirilen bu dünýä çempionatynda gazanylan üstünlik ýaşlaryň inženerçilik we sanly tehnologiýalar ugruna bolan höwesini has-da artdyrar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!