Toyota täze krossowerini tanyşdyrdy
Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2027-nji model ýylyna niýetlenen üç hatar kürsüli Grand Highlander krossowerini tanyşdyrdy.
Bu modeliň esasy täzeligi ýolsuzlyk şertlerinde-de sürmäge niýetlenen Woodland Edition görnüşidir. Onuň başlangyç bahasy 48 780 dollar.
Täze görnüşiň ýerden beýikligi has uzyn pružinleriň we ýolsuzlyk şertlerine niýetlenen tigirleriň ulanylmagy netijesinde 12,7 millimetr artdyryldy. Tigirler gara reňkli, ýalpyldamaýan 18 dýuýmlyk disklere oturdyldy.
Woodland Edition görnüşinde ikinji hatardaky kürsüleriň arasyndaky dolandyryş bölüminde aýryp bolýan sowadyjy guty, ähli howa şertlerine niýetlenen halyçalar, tirkeg dakylýan enjam, palçykdan goraýjy ganatlar, dumana garşy LED çyralary we rul gyzdyryjysy bar.
Şeýle hem awtoulagda 1500 wat kuwwatlygy bolan 120 woltluk elektrik rozetkasy we gara reňkli daşky bezeg bölekleri ýerleşdirildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!