Tim Szýu täze agram derejesinde dünýä çempionlygy üçin Erislendi Lara bilen duşuşar
Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBA çempionlyk guşagynyň eýesi, kubaly Erislendi Lara bilen ringe çykar.
Bu barada «No Limit Boxing» promouterlik kompaniýasyna salgylanyp habar berilýär. Söweşiň takyk geçiriljek wagty we ýeri soňra çykaryljak resmi beýanatlarda mälim ediler, emma duşuşygyň Awstraliýada geçirilmegine garaşylýar.
Tim Szýu (31 ýaş) — öňki meşhur absolýut dünýä çempiony Kostýa Szýunyň ogly. Ol professional boksda 28 ýeňiş gazanyp, 3 gezek ýeňildi. 2023–2024-nji ýyllarda birinji orta agramda WBO guşagynyň eýesi bolan Szýu üçin bu duşuşyk täze agram derejesinde titul gazanmaga mümkinçilik döredýär.
Erislendi Lara (43 ýaş) — häzirki wagtda dünýä çempiony diýen ady göterýän iň ýaşly boksçy. 2019-njy ýyldan bäri utulman gelýän kubaly türgen soňky 10 ýylda yzygiderli 7 ýeňiş gazandy. Onuň umumy görkezijisi: 32 ýeňiş, 3 ýeňliş we 3 deňlik.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!