| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 16.10.2026, 14:23 4

Tesla ýerden göterilip bilýän täze Roadster-i görkezdi

Tesla ýerden göterilip bilýän täze Roadster-i görkezdi

Tesla kompaniýasy täze elektrik sport awtoulagy — Roadster-iň adaty bolmadyk mümkinçiliklerini görkezdi. Synag wagtynda ulag ýörite konstruksiýanyň üstünde tigirleri ýokaryk ýagdaýda hereket etdi, howada öwrüm etdi hem-de goýlan awtoulaglaryň üstünden böküp geçdi.

Synaglar ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky SpaceX poligonynda geçirildi. Prototipiň esasy aýratynlyklarynyň biri — örän ýokary basyşly gysylan howany ulanýan reaktiw soplolar ulgamydyr. Bu tehnologiýany Tesla-nyň hünärmenleri SpaceX kompaniýasynyň inženerleri bilen bilelikde işläp taýýarladylar.

Awtoulagyň tigirleri ýokaryk ýagdaýda hereket edip bilmegi üçin onuň aşaky böleginde kuwwatly wentilýatorlar hem ýerleşdirildi. Olar howany sorup, ulagyň ýol ýüzüne has berk gysylmagyna kömek edýär.

Roadster-iň ýene bir üns çekiji aýratynlygy — onuň tizlenişidir. Kompaniýanyň maglumatyna görä, awtoulag takmynan 96,5 km/sag tizlige bir sekuntdan hem az wagtda ýetip bilýär. Bu mümkinçilik hem tanyşdyryş wagtynda görkezildi.

Ilon Mask täze taslamanyň Tesla we SpaceX inženerleriniň bilelikdäki işiniň netijesidigini belläp, awtoulagyň mümkinçilikleriniň adaty sport ulaglaryndan ep-esli tapawutlanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, howadaky ähli hereketler sürüjisiz we ýolagçysyz ýerine ýetirildi. Kompaniýa awtoulagyň uzak aralyga doly uçuşyny heniz görkezmedi.

Häzirki wagtda bu diňe prototip bolup durýar. Şeýle tehnologiýalaryň adaty ýollarda ulanylmagyna rugsat berilip-berilmejekdigi hem entek belli däl.

Tesla täze Roadster-iň köpçülikleýin önümçiligine 2028-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!