| Ashgabat | 25°C
Syýasat 13.10.2026, 14:13 1

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Onuň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Milli Liderimiz özüniň hem-de hormatly Prezidentimiziň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!