| Ashgabat | 31°C
Dünýaden 03.10.2026, 14:03 5

G7 ýurtlary ätiýaçlyk gorundan 100 million barrel nebiti we dizeli bazara çykarar

G7 ýurtlary ätiýaçlyk gorundan 100 million barrel nebiti we dizeli bazara çykarar

«Uly ýediligiň» (G7) ýurtlary Halkara energetika agentligi bilen bilelikde dört aýyň dowamynda strategik gorlarynda saklanýan 100 million barrel nebit we nebit önümlerini bazara çykarmak barada ylalaşdylar.

Esasy üns dizel ýangyjynyň ýetmezçiligini aradan aýyrmaga gönükdiriler. Bu ýangyjyň ep-esli mukdary eýýäm ilkinji 20 günüň dowamynda bazara çykarylar.

Bahalaryň birden ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ylalaşyga gatnaşýan ýurtlar nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda abatlaýyş işleriniň tertibini özara ylalaşmagy we energiýa serişdeleriniň söwdasyna çäklendirme girizmezligi karar etdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!