| Ashgabat | 27°C
Medeniýet 17.10.2026, 16:10 9

Şekspiriň bagyndaky agaçdan ýasalan stol auksiona çykarylýar

Şekspiriň bagyndaky agaçdan ýasalan stol auksiona çykarylýar

Angliýanyň günorta böleginde ýaşaýan bir maşgala öz öýündäki adaty nahar stolunyň dünýä edebiýatynyň beýik wekili Wilýam Şekspir bilen baglanyşyklydygyny tötänden bildi.

Öý eýeleri ýyllar boýy ulanyp gelen bu mebel böleginiň taryhy gymmatlygy barada hatda oýlanmandyrlar. «The Telegraph» neşiriniň habar bermegine görä, takmynan 200 ýyllyk taryhy bolan bu tegelek stol meşe we tut agajyndan ýasalypdyr. Indi bolsa ol auksion arkaly satlyga çykarylar.

Hünärmenler stoluň başlangyç bahasyny 10,6 müň dollar töweregi diýip kesgitleseler-de, onuň söwda wagtynda ep-esli ýokary baha satylmagyna garaşýarlar.

Diametri 135 santimetr bolan bu tegelek stol 1830-njy ýylda ýasalypdyr. Onuň üstki böleginde tut agajyndan ýasalan 52 sany süýri bezeg unsury ýerleşdirilipdir.

Bilermenleriň pikirine görä, bu bezegleriň sany tötänlik däl — olaryň her biri beýik dramaturgyň ýaşan 52 ýyllyk ömrüniň bir ýylyny aňladýar.

Toovey’s auksion öýüniň wekili Will Rowseliň bellemegine görä, stola ulanylan tut agajyny 1609-njy ýylda Şekspiriň özi ekipdir.

Şol döwürde patyşa Jeýms I Ýakow I Angliýada ýüpekçiligi ösdürmek maksady bilen tut agaçlaryny ekmegi buýrupdyr.

Emma 1756-njy ýylda öýüň täze eýesi Şekspiriň bagyny görmäge gelýän syýahatçylardan we muşdaklardan bizar bolup, bu taryhy agajy çapypdyr.

Soňluk bilen agajyň galyndylaryndan beýik ýazyjynyň hatyrasyna dürli nagyşly ýadygärlik sowgatlyklary ýasalypdyr.

Agajyň taryhy böleklerinden ýasalan bu stol nesilden-nesle geçip, ahyrynda häzirki eýelerine miras galypdyr.

Maşgala stoluň nähilidir bir aýratynlygynyň bardygyny duýsa-da, onuň hakyky taryhy gymmatyny bilmändir. Olar diňe öýde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin stoly satmak kararyna gelenlerinde, hünärmenler bu täsin taryhy hakykatyň üstüni açypdyrlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!