Steam taryhy rekordyny täzeledi: Bir wagtda onlaýn bolanlaryň sany 43,5 milliondan aşdy
Valve kompaniýasynyň meşhur Steam platformasy ulanyjy sany boýunça özüniň öňki rekordyny täzeledi. 2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 töweregi ulgamda bir wagtda 43,5 milliondan gowrak ulanyjy işjeň boldy.
Resmi maglumatlara görä, görkeziji 43 501 449 ulanyja ýeten bolsa, SteamDB analitiki gullugy bu sany 43 505 724 diýip görkezdi.
Bu ugurdaky öňki iň ýokary görkeziji şu ýylyň 29-njy martynda gazanylyp, şol wagt bir wagtda 42 686 616 ulanyjy onlaýn bolupdy.
Şol bir wagtyň özünde, gönüden-göni oýun oýnaýan ulanyjylaryň sany hem rekord derejä ýetip, tas 14,5 million adama — 14 464 385 ulanyja deň boldy.
Bu netijäniň gazanylmagyna uly goşant goşan esasy oýunlar:
-
Counter-Strike 2 — 1,404 million bir wagtda oýnan ulanyjy;
-
Dota 2 — 1,0 million oýunçy;
-
PUBG: Battlegrounds — 0,71 million oýunçy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!