| Ashgabat | 25°C
Tehnologiýalar 13.10.2026, 12:59 1

«Bedew sarpasy» spektakly TÜRKSOÝ-yň halkara bäsleşiginde ýörite baýraga mynasyp boldy

«Bedew sarpasy» spektakly TÜRKSOÝ-yň halkara bäsleşiginde ýörite baýraga mynasyp boldy

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň zehinli talyplary Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalynda ýurdumyza uly abraý getirdiler.

TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 5–9-njy oktýabr aralygynda guralan bu medeni çärede türkmen ýaşlarynyň döredijilik topary öz ussatlygyny üstünlikli görkezdi.

Bu sungat forumyna Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden hem-de ýer eýesi Gazagystandan jemi alty sany talyp teatr kollektiwi gatnaşdy.

Bäsleşigiň eminler düzüminde ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow eminlik etdi.

Festiwalyň iň ýokary baýragyna — Gran-prä Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetiniň talyplary M. Omarowanyň pýesasy esasynda M. Aýtjanulynyň sahnalaşdyran «Chanel №5» spektakly bilen mynasyp boldular.

Netijede, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary tarapyndan hödürlenen «Bedew sarpasy» spektakly «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna oýny» diýen ýörite baýraga mynasyp boldy.

Dabaraly çärede teatr toparymyza festiwalyň Kubogy, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň we Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky uniwersitetiň Hormat hatlary, şeýle hem Türküstan şäher häkimliginiň Alkyş haty gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!