| Ashgabat | 27°C
Tehnologiýalar 09.10.2026, 12:04 4

Adam ýaly bir wagtda diňläp hem gürläp bilmäge ukyply emeli aň tehnologiýasy döredilýär

Adam ýaly bir wagtda diňläp hem gürläp bilmäge ukyply emeli aň tehnologiýasy döredilýär

Russiýanyň «Sber» kompaniýasy emeli aňyň (AI) täze tehnologiýasyny — «full-duplex» ulgamyny işläp taýýarlaýar. Bu tehnologiýa edil telefon arkaly adam bilen gürleşilýän ýaly, bir wagtyň özünde hem diňläp, hem gürläp bilýär.

Bu barada «Sberbankyň» AI tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça direktory Sergeý Markow «RBC» agentligine beren habarynda aýtdy.

Häzirki wagtda sesli emeli aň kömekçileri adatça «nobatlaýyn» işleýär, ýagny adam gürleýär, emeli aň diňleýär we pikirlenýär, soňra bolsa jogap berýär.

Täze tehnologiýanyň esasy tapawudy birnäçe neýrosetiň ýerine bir modeliň ulanylmagydyr. Häzirki ulgamda bir neýroset adamyň sesini tekste öwürýär, ikinjisi jogaby taýýarlaýar, üçünjisi bolsa şol jogaby ýene-de ses görnüşinde aýdýar. «Full-duplex» tehnologiýasy bolsa bir wagtyň özünde hem diňlemegi, hem gürlemegi başarýar.

Dünýäde şeýle tehnologiýalar eýýäm peýda bolup başlady. Ilkinji bolup 2024-nji ýylda Fransiýanyň «Kyutai» startapynyň «Moshi» çözgüdi hödürlenipdi. Soňra «Google» «Gemini Live», «OpenAI» bolsa «GPT-Live» görnüşindäki çözgütlerini çykardy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!