Rak keselli adamyň näçe ýaşajakdygyny çaklaýan gural döredildi
«Mass General Brigham» amerikan kompaniýasynyň alymlary diňe bir ýüz fotosuratynyň esasynda onkologiýa diagnozy goýlan näsaglaryň bejergisiniň netijelerini we diri galmak ähtimallygyny çaklamaga niýetlenen täze emeli aň ulgamyny hödürlediler.
Täze döredilen emeli aň modeli dürli ýaşdaky we etnik degişlilikdäki adamlaryň 40 milliondan gowrak ýüz suraty bilen barlanyp görüldi.
Ulgamyň esasy aýratynlygy — adamyň hakyky ýaşyny däl-de, onuň daşky keşbiniň näçe ýaşly görünýändigini kesgitlemek we şol maglumatlaryň esasynda rak keselli näsaglaryň ýagdaýy boýunça çaklamalary taýýarlamakdyr.
«FAHR-FaceAge» — näsagyň biologik ýaşyny kesgitläp, onuň esasynda onkologik kesellerde diri galmak ähtimallygyny çaklaýar.
«FAHR-FaceSurvival» — ýüzüň suratynyň esasynda diri galmak mümkinçiliginiň görkezijisini gönüden-göni çaklamaga niýetlenendir.
Barlag toparynyň ýolbaşçylaryndan biri bolan Hýugo Aertsiň bellemegine görä, emeli aň modeliniň ýönekeý bir fotosuratyň esasynda rak keselli näsaglaryň diri galmak ähtimallygyny çaklamaga ukyplydygy görkezildi.
Gözlegleriň netijeleri biologik ýaşyň adamyň umumy fiziki ýagdaýy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini we bu görkezijiniň näsagyň bejergä nähili çydap biljekdigine baha bermekde peýdaly bolup biljekdigini görkezýär.
Şeýle emeli aň derňewleri geljekde lukmanlara bejeriş usulyny saýlamakda, mümkin bolan gaýra üzülmelere baha bermekde we kliniki çözgütleri kabul etmekde goşmaça kömekçi gural bolup biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!