Raşid Meredow bilen Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!