Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Ulag arabaglanyşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň biridir. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem geljegi uly ugur bolup durýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň taryhy we medeni ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigini belläp, Türkmenistanyň medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!