Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça durnukly hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Şeýle hem iki döwletiň BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny we öňe sürýän tekliplerini özara goldamagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!