Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyň döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy özara söwdanyň hem-de maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir.
Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, şeýle hem oba hojalygy häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşant goşýan geljegi uly ugurlar bolup durýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!