Pingwinleriň dünýädäki sany azalýarmy?!
Günorta Atlantikada ýerleşýän Zawodowski adasy indi dünýäde pingwinleriň iň köp jemlenen ýeri diýlip hasaplanmaýar.
Geçirilen barlaglara görä, 2011-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda bu adada höwürtgeleýän antarktika pingwinleriniň sany 63 göterim azaldy. Şunlukda, olaryň jübüt sany 542 müňden takmynan 201 müňe çenli düşdi.
Deňiz suwunyň gyzmagy hem-de buzlaryň eremegi sebäpli, pingwinleriň esasy iýmitleriniň biri bolan krilleriň — ownuk leňňeçleriň sany azalýar we olar has günorta tarap süýşýär. Bu ýagdaý bolsa guşlaryň iýmit tapmagyny kynlaşdyrýar.
Barlagçylaryň hasaplamalaryna görä, adadaky antarktika pingwinleriniň sany her ýyl ortaça 7 göterim azalýar. Bu görkeziji ylmy gözegçilikleriň taryhynda hasaba alnan iň çalt azalmagyň biri hökmünde görkezilýär.
Häzirki wagtda planetamyzdaky iň uly pingwin koloniýalarynyň biri Ross deňziniň Adair burnunda ýerleşýär. Ol ýerde esasan adel pingwinleri höwürtgeleýär.
Antarktika pingwinleriniň sany azalýan mahaly, adadaky altynsaç pingwinleriň sany belli bir döwürde artdy. 2011–2016-njy ýyllar aralygynda olaryň sany 28 göterim köpelip, soňra has durnukly derejä geçdi.
Häzirki wagtda Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (IUCN) antarktika pingwinlerini «ýok bolmak howpy pes» bolan görnüşleriň hataryna goşýar. Emma Zawodowski adasyndaky we beýleki Antarktida sebitlerindäki ýagdaýy göz öňünde tutup, hünärmenler bu görnüşiň geljekde has ýokary gorag derejesine geçirilmeginiň mümkindigini belleýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!