Dinozawrlaryň göni ýöremeklige geçmegine näçe wagt gerek bolupdyr?!
Dinozawrlaryň ata-babalarynyň gapdala ýaýran aýaklardan bedeniň aşagynda ýerleşýän göni aýaklara geçmegi birden bolman, eýsem örän uzak ewolýusion tapgyry başyndan geçiripdir.
Bu barada Italiýanyň Dolomit Alp daglaryndaky gadymy yzlary seljeren Berliniň tebigy taryh muzeýiniň alymy Lorenso Markettiniň ýolbaşçylygyndaky paleontologlar topary habar berýär.
Gözlegçiler Bletterbah geoparkynda daşlaşyp saklanan gadymy arhozawromorflaryň — ýagny dinozawrlaryň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň aýak yzlaryny düýpli öwrendiler.
Tapylan yzlar haýwanlaryň anatomiýasy bilen deňeşdirilende, olaryň iri ýyrtyjy süýrenijiler bolan eritrozuhidlere degişlidigi kesgitlendi.
Ylmy işiň esasy özeni janly-jandarlaryň hereket ediş usulynyň nähili özgerendigini aýdyňlaşdyrmakdan ybarat boldy.
Bu jandarlaryň el-aýaklary häzirki hažžyklaryňky ýaly göwresiniň iki gapdalynda ýerleşýärdi. Wagtyň geçmegi bilen aýaklar kem-kemden bedeniň göni aşagyna süýşüpdir.
Trias döwrüniň ortalaryna çenli olar eýýäm doly göni aýakda durmagy başarypdyrlar.
Haýwanlaryň daban barmaklary uzalyp, olar tutuş dabanyna däl-de, diňe barmaklaryna daýanyp ýöräp başlapdyrlar.
Öňki aýaklaryň kiçelmegi bolsa ilkinji iki aýakly dinozawrlaryň peýda bolmagyna ýol açypdyr.
Alymlaryň bellemegine görä, süňk galyndylary diňe beden gurluşy barada maglumat berýän bolsa, daşlaşan aýak yzlary haýwanlaryň hakykatda nähili hereket edendigini takyk subut edýän iň gymmatly çeşmedir.
Bu barlag dinozawrlaryň meşhur ýöriş aýratynlygynyň duýdansyz ewolýusion böküş däl-de, tapgyrlaýyn ösüş bolandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!