Simona De Roza Aşgabatda konsert berer
Noýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda Ýewropa medeniýetiniň günleri geçiriler.
Medeni maksatnamanyň baş wakasy meşhur italiýaly jaz aýdymçysy we ýerine ýetirijisi Simona De Rozanyň çykyşy bolar. Aýdymçy öz watanynyň çäklerinden daşarda hem giňden tanalýar.
Onuň döredijiligi amerikan jazynyň nusgawy däpleri bilen Ortaýer deňzi sebitiniň täsin öwüşginini özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Ol abraýly dünýä festiwallarynda we konsert meýdançalarynda çykyş edip, belent joşguny, çuňňur duýguly aýdymlary hem-de sesi bilen diňleýjileri haýran galdyrýar.
Konsert 20-nji noýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçiriler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!