Şakira Merkezi Aziýada konsert berer
18-nji oktýabrda dünýä ýyldyzy Şakira «Las Mujeres Ya No Lloran» konsert syýahatynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde çykyş eder. Bu barada NUR.KZ habar berýär.
Bu aýdymçynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji çykyşy bolar.
Şakira dürli ýyllarda çykan hit bolan hem-de täze albomyna giren aýdymlary ýerine ýetirer. Diňleýjiler «Hips Don't Lie», «Whenever, Wherever», «Waka Waka» we «She Wolf» ýaly aýdymlary eşidip biler.
Petek satuwy eýýäm başlandy. Olaryň bahasy saýlanan zolaga görä üýtgeýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!