Şagallar Ýewropa boýunça giňden ýaýrap başladylar
Eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Balkan ýarym adasynda we Gara deňziň kenarýaka zolaklarynda giňden ýaýran şagallar häzirki wagtda Ýewropanyň täze çäklerine çaltlyk bilen aralaşýarlar.
«Nature Ecology & Evolution» ylmy žurnalynda çap edilen barlaglara görä, geljekde bu ýyrtyjylaryň ýaşaýyş meýdany Ýewropa yklymynyň 75 göterimine ýetip biler. Bu bolsa olaryň ozalky ýaýran çäklerinden takmynan alty esse köpdür.
Bu haýwanlaryň täze çäklere aralaşýandygyny dürli sebitlerde geçirilen gözegçilikler hem tassyklaýar. Meselem, Çehiýanyň Hawraniki obasynyň ýanynda ýerleşýän «Podi» milli seýilgähinde otly meýdandan geçip barýan iki şagal ilkinji gezek wideoduzak arkaly hasaba alyndy. Şeýle hem olaryň Baltika we Skandinawiýa döwletlerinde peýda bolandygy barada maglumatlar bar.
Halkara gözlegçiler topary Ýewropa boýunça 9 müň töweregi meýdançada barlag işlerini geçirdiler. Alymlar şagallaryň uwwuldy sesini ýazgydan goýberip, olaryň beren jogap sesleri arkaly ýyrtyjylaryň bardygyny anykladylar.
Soňra toplanan maglumatlar sebitleýin howa şertleri we ýerli meýdan aýratynlyklary bilen deňeşdirilip seljerildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!