Samsung özüniň ilkinji klipsa görnüşli gulaklyklaryny hödürledi
Samsung kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda özüniň ilkinji klipsa şekilindäki Galaxy Buds On gulaklyklaryny hödürledi. Täze gulaklyk Galaxy Tab S12 flagman planşetleri we Galaxy SmartTag3 trekeri bilen bilelikde görkezildi.
Galaxy Buds On gulak ýelkenine berkidilýär, şol sebäpli gulak kanaly açyk galýar. Bu bolsa ulanyjylara daş-töwerekdäki sesi eşitmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, bu gulaklyklaryň ýene bir artykmaçlygy olaryň rahatlygydyr. Hatda uzak wagt dakylan ýagdaýynda-da, olar ýadatmaýar we gulaga agram salmaýar.
Dinamikleri we akkumulýatorlary dogry ýerleşdirmek üçin öndüriji gulagyň dürli şekilleri baradaky maglumatlary seljerip, kompýuter modelirlemesini geçirdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!