| Ashgabat | 32°C
Tehnologiýalar 02.10.2026, 14:51 3

Samsung Galaxy Tab S12 planşetlerini görkezdi

Samsung Galaxy Tab S12 planşetlerini görkezdi

Samsung kompaniýasy täze flagman planşetleri bolan Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ modellerini hödürledi. Kompaniýa esasy ünsi uly displeýlere, ýokary öndürijilige we emeli aň funksiýalaryna gönükdirdi.

Uly model täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1600 kd/m² çenli bolan 14,6 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany bilen üpjün edilip, ol seriýanyň taryhynda iň inçe planşet boldy.

Galaxy Tab S12 Ultra modeliniň korpusynyň ýogynlygy bary-ýogy 5,1 mm.

Galaxy Tab S12+ hem edil şol häsiýetnamalara eýe bolan 12,6 dýuýmlyk ekran bilen üpjün edildi.

Enjamlaryň ikisem Galaxy S Pen stilusyny goldaýar we IP68 standarty boýunça suwdan hem-de tozandan goralandyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!