| Ashgabat | 24°C
Tehnologiýalar 19.10.2026, 17:43 4

Samsung 6 sany eplenýän smartfonlaryny hödürleýär

Samsung 6 sany eplenýän smartfonlaryny hödürleýär

Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda eplenýän we çeýe ekranly gurluşlaryň hataryny giňeltmegi hem-de birbada alty sany täze modeli köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär.

Olaryň arasynda hatda ekrany süýşürilip giňeldilýän täze smartfon hem bar.

TheGalox ady bilen tanalýan insaýderiň paýlaşan maglumatlaryna görä, Galaxy Z liniýasy geljekde aşakdaky gurluşlar bilen üsti ýetiriler:

  1. Galaxy Slide — süýşürilýän ekranly mehanizm;

  2. Galaxy TriFold 2 — üç eplenýän model;

  3. Galaxy Fold 9 Ultra;

  4. Galaxy Fold 9 Pro;

  5. Galaxy Fold 9;

  6. Galaxy Flip 9.

Hökmany suratda ünsi çekýän baş gurluş Galaxy Slide smartfony bolar.

Müňlerçe ulanyjyny haýran galdyrjak bu tehnologiýanyň nusgasy — prototipi öň Barselonada geçirilen MWC sergisinde görkezilipdi.

Mundan başga-da, Günorta Koreýa brendiniň bu görnüşdäki ekran mehanizmini eýýäm patentleşdirendigi hem mälimdir.

Emma hünärmenler patentiň alynmagynyň enjamyň 2027-nji ýylda hökman köpçülikleýin satylyp başlanjakdygyna doly kepil geçmeýändigini belleýärler.

Şeýle-de, seriýa täze Galaxy Fold 9 Pro modeliniň goşulmagyna garaşylýar.

Bu bolsa Samsung-yň dürli islegleri bolan ulanyjylar üçin giň saýlaw mümkinçiligini döretmek isleýändigini görkezýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!