| Ashgabat | 22°C
Dünýaden 10.10.2026, 16:56 5

Afrikanyň seýrek duş gelýän syry: bongo antelopasy

Afrikanyň seýrek duş gelýän syry: bongo antelopasy

Afrika tebigatynyň iň täsin hem-de gözýetmez tokaýlarynda ýaşaýan jandarlaryň biri-de bongo (Tragelaphus eurycerus) antelopasydyr. Ylym äleminde «tokaý antelopasy» diýlip hem atlandyrylýan bu seýrek jandar ilkinji gezek 1837-nji ýylda irlandiýaly barlagçy Uilýam Ogilbi tarapyndan ylmy taýdan häsiýetlendirilipdir.

Bongony başga haýwanlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk onuň täsin daşky görnüşidir. Onuň goňrumtyl-gyzyl reňkli teninde durnukly ak zolaklar we döşünde aýratyn ak tegmil bolup, bu oňa tokaý ýapraklarynyň arasynda ussatlyk bilen gizlenmäge mümkinçilik berýär.

Bongolaryň esasy iki görnüşi bar. Olaryň biri Günbatar we Merkezi Afrikanyň giň tropiki tokaýlyklarynda ýaşaýar. Beýlekisi bolsa diňe Keniýanyň Aberder daglyk zolaklarynda duş gelýär we göwresi boýunça birneme uludyr.

Olar uzynlygy 3 metre, agramy bolsa 400 kilograma çenli ýetýän iri jandarlardyr. Bu antelopalar köplenç topar bolup ýaşaýarlar. Olaryň esasy iýmitini ýaş ýapraklar, güller we dürli ösümlik däneleri düzýär. Ösümlikleri aňsatlyk bilen sypyryp iýmek üçin özleriniň uzyn we çeýe dillerinden netijeli peýdalanýarlar.

Gynansak-da, tebigatda olaryň sany barha azalýar. Aýratyn-da ýabany Afrika itleriniň awlamagy we tebigy ýaşaýyş gurşawynyň daralmagy sebäpli, häzirki wagtda olaryň umumy sany bary-ýogy 28 müň töweregi diýlip çaklanylýar.

Şol sebäpli bongo antelopasy Halkara tebigaty goramak birleşiginiň (IUCN) «Gyzyl kitabyna» — ýitip gitmek howpy astyndaky jandarlar sanawyna girizildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!