Himiýa boýunça Nobel baýragy berildi
Stokgolmda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. 2026-njy ýylda bu abraýly baýraga «Assimetrik organiki sintezde çyzyksyz täsirleri we awtokatalizi açandyklary üçin» fransiýaly Anri Kagan we ýaponiýaly Kenso Soai mynasyp boldy.
Nobel komitetiniň web-sahypasynda bellenilişi ýaly, alymlar janly tebigatyň himiki assimetriýasynyň nähili ýüze çykandygy baradaky soraga jogap bermegi başardy. Uzak wagtyň dowamynda adaty himiki reaksiýalarda bir izomeriň beýlekisinden artykmaçlygyny almak mümkin däl diýip hasaplanýardy, emma laureatlaryň barlaglary muny inkär etdi.
Şeýle-de Nobel baýragynyň eýeleriniň açyşy himiklere sintez prosesini gerekli ugra gönükdirip, diňe peýdaly molekula görnüşini almaga we howply «goşa» görnüşleriň döremegini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa derman önümçiligi üçin örän möhümdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!