Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýlan, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berip, birek-birege ynamyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!