| Ashgabat | 23°C
Syýasat 20.10.2026, 11:45 5

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häkimlere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!