Gyrgyzystanyň Prezidenti bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny we elektron söwda meýdançasyny döretmegi teklip etdi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasynda bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Žaparow bu barada Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň VIII Konsultatiw duşuşygynda (C5+1) aýtdy.
Onuň sözlerine görä, syýahatçylyk ugurlaryny «bir syýahat — birnäçe ýurt» ýörelgesi esasynda döretmek, şeýle hem ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizmegiň mehanizmini işläp taýýarlamak maksadalaýyk bolar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!