| Ashgabat | 29°C
Syýasat 15.10.2026, 17:12 1

Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi

Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi

Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Onda şeýle sözler bar:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Owganystan ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna hemişe uly ähmiýet berýär.

Soňky bäş ýylyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ulgamlarda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň we giňeldilýändiginiň şaýady bolýandygymyza buýsanýaryn.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we abadançylyk dileg edýärin.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!