Turpiň adam saglygyna peýdasy
Gyş paslynyň ýakynlaşmagy bilen iýýän iýmitlerimiziň görnüşleri hem üýtgeýär. Gyş paslynda kesellere garşy göreşmek üçin bedenimiz güýçli we peýdaly gök önümleri talap edýär. Şeýle önümleriň biri hem adaty turpdyr.
Turp esasan sowuklama garşy peýdaly hasaplanylýar. Onuň suwuny sykyp alyp, günüň dowamynda bir gezek kabul etmek dem alyş ýollaryna we üsgülewige garşy peýdaly hasaplanylýar. Tagamynyň ýiti bolmagyna garamazdan, turp dem alyş ýollaryndaky gakylygyň çykmagyna ýardam edip biler.
Mundan başga-da, halk lukmançylygynda turpuň üsgülewige garşy peýdalydygy, bagry arassalamaga, iýmit siňdirişe oňaýly täsir etmäge, gan azlykda peýda bermäge we dem alyş ýollaryny arassalamaga ýardam edýändigi aýdylýar.
Turp köp wagtlardan bäri adam saglygy üçin peýdaly önüm hökmünde ulanylyp gelýär. Grekler we rimliler hem bu önümi böwrek we öýken bilen bagly näsazlyklarda peýdalanypdyrlar. Turpuň düzüminde kükürtli birleşmeleriň bolmagy onuň mikroblara garşy täsirleri bilen baglanyşykly öwrenilmegine sebäp bolýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!