Näme üçin pallamak başgalara çalt geçýär?
Başga biriniň pallap oturanyny görseňiz, birden özüňiziň hem agzyňyzy açyp pallanyňyzy duýman galýarsyňyzmy? Ylymda bu täsire «ýokuşýan pallama» — psihologik taýdan ýaýraýan reaksiýa diýilýär.
Eýsem, näme üçin pallama bir adamdan beýlekisine beýle çalt «geçýär»? Alymlar muňa entek doly we birmeňzeş jogap berip bilmeseler-de, birnäçe esasy sebäbi öňe sürýärler.
Adam beýnisi töweregindäki adamlaryň hereketlerine öz-özünden öýkünmäge we olary gaýtalamaga ýykgyn edýär. Bir-birine ýakyn bolan ýa-da birek-birege üns berýän adamlaryň arasynda bu reaksiýa has güýçli ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý adamlar arasyndaky duýgudaşlyk — empatiýa bilen hem baglanyşdyrylýar.
Pallama diňe bir fiziki ýadawlyk bilen bagly däl. Biz aşakdaky ýagdaýlarda hem pallap bileris:
-
ukudan turan badymyza ýa-da ýatmaga taýýarlanýan wagtymyz;
-
işimiz içgysgynç bolanda;
-
uzak wagtlap bir nokada ýa-da meselä gyzyklanma bilen üns berenimizde.
Köplenç «beýnä kislorod ýetmeýändigi üçin pallaýarys» diýen pikire duş gelmek bolýar. Emma häzirki zaman ylmy barlaglary bu çaklamany goldamaýar we kislorod derejesiniň pallama bilen göni bagly däldigini görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!