Awazada telewizion filmler bäsleşiginiň ýeňijisine 10 müň dollar berildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginde baş baýraga Russiýadan kinorežissýor Robert Fransew mynasyp boldy.
«Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy» atly filmi üçin Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite heýkeli, diplomy we 10 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.
Degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolanlara hem ýörite heýkel, diplom we pul baýraklary gowşuryldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!