| Ashgabat | 21°C
Gyzykly maglumat 12.10.2026, 11:45 4

Ilkinji telefon gepleşigine 150 ýyl doldy

Ilkinji telefon gepleşigine 150 ýyl doldy

Mundan edil 150 ýyl ozal, 1876-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda telefon oýlap tapyjysy Aleksandr Grem Bell we onuň kömekçisi Tomas Uotson ilkinji gezek barlaghanadan daşarda telefon arkaly iki taraplaýyn söhbetdeş bolupdyrlar. Bu barada Smitson institutynyň kitaphanalarynyň blogynda maglumat berilýär.

Muňa çenli olar telefon arkaly diňe bir barlaghananyň dürli otaglaryndan gepleşip bilipdirler. Taryhy gepleşik wagtynda Bell ABŞ-nyň Boston şäherindäki Walworth Manufacturing kompaniýasynyň ofisinde, Uotson bolsa goňşy Kembrij şäherinde bolupdyr. Olar synag üçin täze telefon liniýasyny çekmän, eýsem kompaniýanyň ofisi bilen zawodyny baglap duran telegraf siminden peýdalanypdyrlar.

Söhbetdeşlik üç sagada golaý dowam edipdir. Bell we Uotson aýdylan sözleri öz taraplarynda ýazyp alypdyrlar. Soňluk bilen bu ýazgylar bilelikde köpçülige habar berlipdir. Bu taryhy waka barada 1961-nji ýylda Kembrijportda goýlan ýadygärlik tagtasynda hem maglumat berilýär.

Bell şol ýylyň 7-nji martynda telefon oýlap tapyşy üçin patent alypdy. Ol patent üçin arzasyny 14-nji fewralda tabşyrypdy. Edil şol gün başga bir oýlap tapyjy Elaýşa Greý hem şoňa meňzeş enjam üçin ilkibaşky arzasyny beripdi.

1876-njy ýylyň 10-njy martynda Bell ilkinji gezek telefon arkaly adamyň sesini geçirmegi başarypdy. Şonda ol kömekçisi Tomas Uotsona: «Jenap Uotson, bärik geliň! Sizi görmek isleýärin!» diýipdir. Soňluk bilen bu sözler telefon arkaly aýdylan ilkinji sözler hökmünde taryha giripdir.

10-njy awgustda Bell Kanadanyň Brantford we Pariž şäherleriniň arasynda hem telefon aragatnaşygyny synagdan geçiripdir. Ýöne bu synagda gepleşik iki taraplaýyn bolmandyr.

9-njy oktýabrda bolsa telefon taryhynda möhüm ädim ädilipdir: Bell we Uotson barlaghanadan daşarda, iki şäheriň arasynda telefon arkaly biri-biri bilen päsgelsiz gepleşip bilipdirler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!