Syçanlara adam beýnisiniň oturdylmagy olaryň akylyna täsir etmedi
Stenford uniwersitetiniň alymlary adamyň nerw dokumasynyň kiçijik böleklerini — organoidleri ösdürip ýetişdirdiler we olary beýnisiniň gabygy doly ösmedik syçanlara göçürdiler.
Göçürilen dokuma täze bedende ornaşdy we göwrümi tas bäş esse ulaldy. Ol syçanlaryň beýni gabygynyň 90 göteriminden gowragyny tutdy. Mundan başga-da, adam neýronlary syçanyň nerw ulgamy bilen baglanyşygy emele getirdi, gemrijiniň gan damarlary bolsa täze dokumany gan bilen üpjün edip başlady.
Emma adam beýnisiniň oturdylany bilen syçanlar öňküsinden akyllanmady. Ýat ukybyny barlaýan synaglarda «gibrid» syçanlar adaty syçanlardan asla tapawutlanman, olar bilen deň derejede netije görkezdiler.
Adam beýnisi köp ýyllaryň dowamynda ösýär, göçürilen dokuma bolsa alty aýyň içinde diňe göwreliligiň ikinji üç aýlygyndaky düwünçegiň beýni gabygynyň ösüş derejesine ýetdi.
Alymlaryň bellemegine görä, bu usul bilen «super syçan» döretmek mümkin däl. Üstesine, synagyň esasy maksady hem bu däldi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!