| Ashgabat | 26°C
Sport 14.10.2026, 13:51 1

Biwol bilen Smitiň arasyndaky garaşylýan tutluşyk 12-nji dekabrda bolar

Biwol bilen Smitiň arasyndaky garaşylýan tutluşyk 12-nji dekabrda bolar

RCC Boxing Promotions kompaniýasy ýarym agyr agramda WBA, IBF, WBO guramalarynyň hem-de «The Ring» žurnalynyň guşaklarynyň eýesi Dmitriý Biwol bilen beýik britaniýaly Kallum Smitiň arasynda çempionlyk duşuşygynyň geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi.

Tutluşyk 12-nji dekabrda Ýekaterinburgdaky «UGMK-Arena» sport toplumynda geçiriljek boks agşamynyň esasy wakasy bolar. Bu duşuşyk 35 ýaşly Biwol üçin WBO titulynyň hökmany goragy bolar.

Guramanyň ýolbaşçylygy duşuşygy tomusda belläpdi, awgust aýynyň ahyrynda bolsa türgenleriň toparlary şertnamanyň şertlerini ylalaşdylar. Tutluşygyň senesi guramaçylyk we sanksiýa meseleleri doly çözülenden soň resmi taýdan yglan edildi.

Russiýaly boksçy Dmitriý Biwol (25–1, 12 KO) özüniň öňki duşuşygyny 30-njy maýda Ýekaterinburgda geçirdi. Ol germaniýaly boksçy Mihael Aýferti eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňip, WBA Super we IBF guşaklaryny gorady.

Ikinji orta agramda dünýäniň öňki çempiony bolan 36 ýaşly Kallum Smit (31–2, 22 KO) 2025-nji ýylyň fewralynda Joşua Buatsini ýeňip, WBO-nyň wagtlaýyn titulyny we hökmany dalaşgär statusyny gazandy.

Smit hasabyndaky iki ýeňlişini ozal Biwolyň hem ýeňen garşydaşlary — Saul «Kanelo» Alwares we Artur Beterbiýew bilen geçirilen tutluşyklarda aldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!