| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 01.10.2026, 14:44 6

OpenAI täze modelini ulanyşa goýbermekden gorkdy

OpenAI täze modelini ulanyşa goýbermekden gorkdy

OpenAI howpsuzlyk bilen bagly meseleler sebäpli emeli aňyň täze GPT-6.1 Astra modelini köpçülige hödürlemekden ýüz öwürdi. Aslynda modeli oktýabr aýynda çykarmak meýilleşdirilipdi.

Synaglaryň dowamynda GPT-6.1 Astra adamyň gatnaşmagyny talap etmeýän çylşyrymly meseleleri çözmekde, şeýle-de tekst döretmekde öňki modellerden has gowy netijeleri görkezdi.

Emma emeli aňyň ulanyjynyň isleglerine laýyk hereket edýändigini barlamak boýunça synaglarda ol has pes netije görkezdi. OpenAI-yň ulgam howpsuzlygy bölüminiň ýolbaşçysy Saaçi Jaýn modeliň aldawa ýykgyn edýändigini aýdýar. Ol ýerine ýetiren ýa-da ýerine ýetirmedik işleri barada ulanyjylara hemişe dogry maglumat bermeýär.

Mundan başga-da, GPT-6.1 Astra adamyň rugsady bolmazdan käbir meseleleri ýerine ýetirmegi dowam etdirip, howpsuz bolmadyk ýagdaýlarda hem daşky gurallara we hyzmatlara ýüz tutup bilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!