| Ashgabat | 22°C
Dünýaden 23.10.2026, 15:21 5

Oleg Kononenko HKS-76 ätiýaçlyk düzüminde kosmosa uçuşa taýýarlanýar

Oleg Kononenko HKS-76 ätiýaçlyk düzüminde kosmosa uçuşa taýýarlanýar

Meşhur kosmonawt Oleg Kononenko täze kosmos missiýasyna taýýarlyk görýär. Kosmonawtlar gidrolaboratoriýada açyk älem boýunça türgenleşikleriň nobatdaky tapgyryny tamamladylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň ýolbaşçysy Oleg Kononenko bilen «Roskosmosyň» kosmonawty Aleksandr Grebýonkin HKS-76 ekspedisiýasynyň ätiýaçlyk ekipažynyň düzümine girizildi.

Kononenko bu ätiýaçlyk toparyň serkerdesi hökmünde uçuşa taýýarlyk geçirýär.

Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň gidrolaboratoriýasynda açyk kosmosda ýerine ýetirilmeli çäreler boýunça nobatdaky okuw-türgenleşikler üstünlikli tamamlandy.

Türgenleşigiň barşynda hünärmenler şlýuz kamerasynyň gapylary bilen işlemek, Halkara kosmos stansiýasynyň daşky tutawaçlary arkaly hereket etmek, dürli enjamlary geçirmek, kabelleri çekmek we elektrik ulgamlaryny birleşdirmek ýaly amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler.

Ekipaž üçin esasy wezipeleri öz içine alýan täze tapgyr ýakynda başlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!